Ana içeriğe atla

Kayıtlar

Türkmenistan Nesri etiketine sahip yayınlar gösteriliyor

Toýly Jänädow - Mertlik – türkmeniň gadymy hem müdimi pelsepe-taglymy

Mertlik – türkmeniň gadymy hem müd i mi pelsepe-taglymy Mertlik – türkmeniň gadymyýetden gözbaş alýan milli pelsepe-taglymydyr. Bu pelsepe-taglym bolsa, türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetiniň şahyrana dildäki çeper aňlatmasydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz özüniň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Mertlik türkmen halkynyň edermen ata-babalarymyzdan gözbaş alýan iň asylly, iň ajaýyp häsiýetleriniň biridir.» [1] – diýip örän ýerlikli kesgiteme berýär.   Çünki, parasatly pederlerimizden miras galan atalar sözlerinde: «Mert ýigitden mert dogar», «Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez», «Mert Hudaýdan görer, namart ýoldaşyndan», «Mert serini berer, syryny bermez»,   «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Mert ýigitler saçak açar a:t alar», «Mert söweşde belli, dana – geňeşde», «Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan», «Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler», «Mert – iliň adamy», «Merdi magtasaň-da mert, namardy...