Mertlik – türkmeniň gadymyýetden gözbaş alýan milli pelsepe-taglymydyr. Bu pelsepe-taglym bolsa, türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetiniň şahyrana dildäki çeper aňlatmasydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz özüniň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Mertlik türkmen halkynyň edermen ata-babalarymyzdan gözbaş alýan iň asylly, iň ajaýyp häsiýetleriniň biridir.»[1] – diýip örän ýerlikli kesgiteme berýär. Çünki, parasatly pederlerimizden miras galan atalar sözlerinde: «Mert ýigitden mert dogar», «Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez», «Mert Hudaýdan görer, namart ýoldaşyndan», «Mert serini berer, syryny bermez», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Mert ýigitler saçak açar a:t alar», «Mert söweşde belli, dana – geňeşde», «Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan», «Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler», «Mert – iliň adamy», «Merdi magtasaň-da mert, namardy magtasaň – dert», «Merdiň sözi ýeke, namardyň özi ýeke», «Mert berip guwanar, namart – alyp», «Mertde mähir bolar, namartda – gahar», «Namart – aş üstünde, mert iş üstünde»[2] - diýen ýaly pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp jümleler bar. Bu paýhasly jümleler bolsa milli Liderimiziň: «Mertlik – türkmeniň ezelinde bolaýmaly tebigy häsiýetdir.»[3] – diýen parasatly taglymatynyň düýp many özenini düzýär.
Dana
ata-babalarymyzyň «Mertlik» taglymynyň öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp
gaýdýandygyny Awesta kitabynyň mysalynda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.
Bu barada ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýew «Mertlik hem namartlyk» atly
makalasynda: «Mert hem mertlik düşünjeleri
ilkinji gezek gadymy «Awestada» duş gelýär. «Awestanyň» mifologiýasyna görä,
Ahuramazdanyň – haýryň Hudaýynyň ýaradan ilkinji adamyňyň ady Gaýymert
bolupdyr. Munuň iki düzümli sözdügi görnüp dur, özem şol iki sözüň ikisi-de
häzirki türkmen diliniň janly ýaşaýşynda bar sözlerdir. Olaryň ikinjisi mert –
filologik düşündirişsiz hem hemmä düşnükli sözdür. Birinji söz bolsa –
Gaýy häzirki wagtda «gaýmak» diýen adyň hem işligiň many barlygynda özüni
saklap galypdyr.Türkmen düşünjesine görä, Hudaý adamy Ýeriň gaýmagyndan
ýaradypdyr.»[4] –
diýip belleýär. Diýmek, pähimli-paýhasly pederlerimiziň «Mertlik»
pelsepe-taglymy ata Watanymyz Türkmenistanyň iň gadymy taryhy ýadygärligi bolan
Marguşda biziň eýýamyzdan öňki II müňýyllykda döredilen Awesta kitabynda hem öz
beýanyny tapypdyr .
«Mertlik»
pendi babatda Gorkut atamyz: «Gerçekleriň (mertleriň) üç otuz on ýaşyny
doldurany ýeg»[5]
diýen, Görogly beg atamyz «Mert bolan iki sözlemez, merdiň ygrary bir bolar»[6]
diýen, Magtymguly atamyz bolsa «Mert bolar men diýseň, merde hemra bol», «Ýa bir merde
ýykyl, ýa-da Hudaýa», «Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň», «Mert çykar
myhmana güler ýüz bilen», «Mert çeker täsibin
iliñ-ýurduñ», «Merde her iş düşse, görer Hudaýdan», «Mertden aşna
tutsañ, abraýña şärik» diýen parasatly taglymlaryny öňe sürüpdir. Bu
parasatly taglymlar bolsa milli Liderimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda
belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň mertlik meselesini asyrlardan-asyrlara
geçirip, nesilleri terbiýeländiklerine güwä geçýär[7].
Mertlik nesil terbiýesi bolsa, asyrlaryň dowamynda milletimiziň gan-damaryna,
milli ruhuna, aň-düşünjesine pähim-paýhaslylyk bilen has içgin aralaşyp,
türkmen ýigitleriniň şahsy gylyk-häsiýetine öwrülipdir.
Belent
Serkerdebaşymyz: «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Atalarymyzyň pentlerinde zynharlaýşy ýaly, mert ýigitler
köňli rehimli, dana, gaýratlydyrlar.» - diýip nygtamaklyk bilen, «Mertlik»
sözüniň sözköki (etimologiýa) taýdan ýagny,
gelip çykyşy boýunça añladýan manysyny
teswirleýär. Hakykatdan hem, «Gadymy türkmen sözlügi»[8], «Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlügi»[9],
«Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi»[10]
atly kitaplara, 1962-nji[11],
2010-njy[12]
we 2016-njy[13]
ýyllarda neşir edilen Türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerine ser
salanyňda-da «Mertlik»
düşünjesiniň edermenlik, erdemlik, ärlik,
gerçeklik, goç ýigitlik, batyrlyk, jomartlyk, eli açyklyk, sahylyk, dogumlylyk,
gaýratlylyk, çydamlylyk ýaly manylary aňladýandygyna
anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.
Ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýew «Mertlik hem namartlyk» atly makalasynda özüniň «Mertlik» düşünjesi baradaky pelsepewi pikir garaýyşlaryny beýan edip: «Mertlik güýçlülik, rüstemlilik bilen baglanyşykly düşünjedir. Mert adamda ruhy hem beden güýçleriniň bary jemlenendir. Mert adam – şujagaz kiçijik jümle türkmen diliniň milli many hususyýetinde juda çuňňur, giň hem kesgitli manysy bilen tapawutlanýar. Munuň özi tüýs türkmençe many birligidir. Mert – geçirimli, rehimdar. Diýmek, mertlik şol bir wagtda ruhy güýçlülik.» - diýip belleýär. Diýmek, bu zeýilli manylary özünde jemleýän «Mertlik» aňlatmasy türkmen ýigidiniň mertebesini beýgeldip, şahsyýetini bezeýän diýseň täsin gylyk-häsiýetini alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, dana ata-babalarymyz nesil terbiýesinde «Mertlik» aňlatmasyna aýratyn ähmiýet beripdirler.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda: «XVIII asyryň türkmen durmuşynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy mertlik pentlerini döredijiliginiň baş mazmunyna öwrüpdir[14].» - diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, «Mertlik» pentleri beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasynyň düýp esas özenini düzýär. Magtymguly atamyz özüniň çeper döredijiligindäki «Mertlik» aňlatmasynyň many-mazmuny baýlaşdyryp, halk arasyndaky täsirliligini artdyrypdyr.
Beýik
Pyragynyň çeper pikirlenmesiniň baý mazmuna öwrülen «Mertlik» mertlik aňlatmasynyň pelsepe esaslaryny
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli
golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty
Käbe Borjakowa «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi»
atly ylmy makalasynda has içgin
düşündirýär. Halypa zenan alymymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky
mertligiň ylmy nazaryýet taýyndan erkek adamyň pähimliliginiň,
dogumlylygynyň, gaýratlylygynyň, batyrlygynyň, edermenliginiň, çydamlylygynyň,
jomartlygynyň, rehimliliginiň, myhmanparazlygynyň, watansöýüjiliginiň,
ynsanperwerliginiň, dogry sözlüliginiň, wepalylygynyň, göwnaçyklylygynyň,
elaçyklylygynyň jemi diýmekligi
aňladýandygyny beýan edýär. Diýmek, beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana
dünýäsindäki mertlik düşünjesi türkmen ýigdiniň beýik şahsyýetini, belent
abraýyny, oňa mahsus bolan milli gylyk-häsiýetini alamatlandyrýar.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakowyň «Magtymgulynyň döredijiliginde merdiň keşbi» atly ylmy makalasyndaky: «Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr.»[15] - diýen ylmy nazaryýetiniň mysalyna beýik akyldar şahyryň «Bolar sen»[16] atly şygrynyň:
Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy,
Är ardynda gezseň, är dek bolar sen -
diýen, «At ýanynda bellidir»[17]
atly goşgusynyň:
Ýigit
diýgeç hemme ýigit ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir. -
diýen şahyrana setirleriniň mazmunynda-da gabat
gelmeklik bolýar. Çünki, bu şygyrlarda mertlik keşbi goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly
adalgalaryň esasynda suratlandyrylyp teswirlenýär.
Magtymguly atamyz «Aty gerek»[18]
atly goşgusynyň:
At
gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
Gelene garşy
çykmaga,
Ýagşy
muhupbeti gerek - diýen bendinde mert adyny gazanan türkmen ogluny
bedewsiz göz öňüne getirmeýär. Çünki bedew at mert ýigidiň baky wepadar ýoldaşy. Bu barada filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakow
«Magtymgulynyň döredijiliginde merdiň keşbi» atly ylmy makalasynda: «Şahyryň jöwher şygryýetinde türkmen bedewi hemişe mert
ýigit bilen bilelikde göz öňünde janlandyrylýar. Olaryň ikisiniň hem ajaýyp
sypatlary bilelikde taryp edilýär. Bu hakykat mert türkmen ýigidiniň keşbiniň
milliligini-de, durmuşylygyny-da alamatlandyrýar.»[19] -
diýip örän jaýdar belleýär.
Magtymguly
Pyragynyň çeper pikirlenmesinde hemişe türkmen bedewi bilen bilelikde göz öňünde jandyrylýan mert
ýigit teswiri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem öz beýanyny
tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi ahalteke bedewleri bilen didarlaşan her
bir pursady, hususan-da, 2017-nji ýylyň 9-njy maýy, 2021-nji ýylyň
22-nji we 23-nji apreli, 2021-nji ýylyň 6-njy iýuny senelerinde hakydamyzda baky galan taryhy pursatlar
Magtymguly atamyzyň mertlik pelsepesiniň baý mazmunyny göz öňüňde
janlandyrýar. Milli Liderimiziň şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan özüne
sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň ady barada aýratyn durup geçmeklik
bilen, «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine
göterilen dowamatyň bardygyny dile getirip, kerwen hatarlarynyň uzap gidişi
ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeleriň hem taryhyň dowamynda
nesilden-nesle geçip, dowam bolmagyny arzuw etmekliginiň özünde diýseň uly many
bardyr. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen
ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamatyň bardygy baradaky parasatly
taglymy beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Dert boldy»[20]
atly şygrynyň:
Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar - diýen, «Mert bolmaz»[21] atly goşgusynyň: Mert ýigit mert ärden öner - diýen şahyrana setirleriniň baý mazmunyny özünde jemleýär. Diýmek, Magtymguly atamyzyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş öňe süren bu şahyrana setirleri asyrlaryň synagyndan geçen, adaty bir durmuş hakykatydyr. Çünki, türkmen halkynyň 5000 ýyllyk şöhratly taryhyna ser salamyzda-da, Gadymy Oguz türkmen döwletinde Oguz handan Gün han, Beýik Seljukly türkmenleriň döwletinde Çagry begden Alp Arslan, Alp Arslandan Mälik şa, Mälik şadan Soltan Sanjar, Köneürgenç türkmenleriň döwletinde Muhammet Horezmşadan Jelaleddin Meňburun, Osmanly türkmenleriniň döwletinde Ärtogrul gazydan Osman beg we onuň nesilleri ýaly beýik şahsyýetleriň kemala gelmekligi «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň ýöne ýerden döremändigini görkezýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüni öz eserlerinde örän nepislik bilen ulanyp, bu nakylyň many-mazmunyny baýlaşdyrypdyr we halk arasyndaky täsirliligini artdyrypdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hem, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyraga nezire hökmünde ýazan «Mert ýigit mert ärden öner»[22] atly şygrynda:
Bu ýodalaň, bu ýollaryň gelşini,
Oguldan-ogula güýjün geçirip.
Mert ärleriň ýürek bolup bilşini,
Il-gününe
döwür-döwran eçilip – diýen şahyrana setirleri dile getirýär. Bu ajaýyp
şygrynda halypa zenan şahyrymyz mertlerden dörän mertleriň atasynyň ýoluny
dowam etdirip, il-gününiň asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy üçin döwür-döwran
eçilýändigi baradaky taryhy hakykaty öňe sürýär. Ýeri gelende aýtsak,
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň özi hem, bäş müň ýyllyk şöhratly
taryhymyzda beýik döwletleri gurup, Watany gülledip ösdüren türkmeniň mert
ýigitleriniň dowamaty bolan mert nesillerine ýarym asyrdan gowrak wagtlap
garaşandygyny «Ahmyrly ýyllara ýüzlenme» atly şygrynyň:
Men artyk sözlemäýin,
ýetikdir derdim meniň,
Ýol söküp, gözlemäýin dogmandyr merdim meniň – diýen setirinde beýan edýär. Ussat halypa zenan şahyrymyza özüniň ömürboýy garaşan mert şahsyýetini, türkmeniň mert ogluny görmeklik bagty Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýarlyk döwründe miýesser edýär. Ol bu bagty ýurdumyzda häzirki ajaýyp döwrümizi esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetinde görendigini, milli Liderimiziň mertliginiň ýeke-täkdigini, ony hiç bir ynsan oglunyň gaýtalap bilmejekdigini, özüniň «Gahryman Arkadag» poemasynda uly buýsanç bilen nygtamaklyk bilen:
...Aýt, kime
başardar mertligi bilen,
Il öňünde Özüň
ýaly sak durmak.
Bu mertligi gözläp
bolmaz her kimden,
Çykmaz ol
erkinden, bäri berkinden,
Beýdäýmege
kesbi-kärden bolmaly,
Aý
Eneden, hem mert ärden önmeli – diýen ajaýyp şahyrana setirleri dile getirýär.
Ussat zenan şahyrymyz beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigitden mert dogar»
diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş
öňe süren «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana
taglymlarynyň mukaddes Watanymyzyň häzirki Bagtyýarlyk zamanasynda hem öz
beýanyny tapýandygyny «Arkadagym merdanamsyň, merdimsiň»[23]
atly poemasyndaky:
Asla
bolup bilmez Sen bolup biljek,
Diňe Saňa
bagly ertämiz Gerçek,
Dowamyň
barlygy yzyň eýerjek,
Arkadagym,
Merdanamsyň, Merdimsiň – diýen, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly
poemasynyň:
...Baksa
nazaryňy Kerim ýatladýar,
Dowamatyň
dowam, dowam Arkadag! – diýen ajaýyp şygyr setirlerinde belleýär. Halypa zenan
şahyrymyz bu liriki eserinde Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň keşbindäki
mertlik gylyk-häsiýetiniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, ýagny agtyga kakasyndan
geçen mertligiň onuň kakasyna kakasynyň kakasyndan geçendigini, edebi dilde
aýdanymyzda, onuň atasyna atasynyň atasyndan geçendigini:
– Mertlik geçip barýar at:a
atadan[24],
–
Ataga atadan ýol ýatyr bärde[25] –
diýen şygyr setirlerinde uly buýsanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Gahrymany
Gözel Şagulyýewa, özüniň bu şygyr setirlerinde,
«Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň»[26],
«Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag»[27]
atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde milli Liderimiziň
dowamatynyň türkmen halkynyň häzirki Bagtyýarlyk döwrüniň dowamatydygyny uly
buýsanç bilen beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, şahyr beýik Magtymguly
Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen parasatly
taglymlary bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna
mazmundaş «Watan ogly mertden geler» diýen ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşyny öňe
sürýär. Munuň özi halypa zenan şahyryň aňrybaş ussatlygyndan habar berýär.
Şeýlelik bilen, Beýik Magtymguly Pyragynyň mertlik pelsepesi häzirki zamanyň
türkmen şygryýeti üçin jöwhermaýa gönezligine öwrüldi.
Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar
institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa
«Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy
makalasynda beýik akyldaryň «mertlik» aňlatmasynyň döwrebap manysyny ylmy
taýdan teswirläp: « Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň
özi hamyrmaýasy–batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde
hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik,
adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze
tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik,
jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik... diýmegi aňladýar.» –
diýip belleýär.
Türkmenistanyň
Gahrymany Gözel Şagulyýewa «Watan ogly mertden geler»[28]
atly şygrynyň:
Watan ogly mertden geler,
Ömürlik ömrüni egläp.
Il Ogly deý ismin ýaýar
Türkmenini bar eýläp. – diýen ajaýyp setirlerinde özüniň «mertlik»
babatdaky şahyrana pikir-garaýyşlaryny beýan edeninde hormatly Prezidentimiziň Beýik Şahsyýetini,
il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işlerini bir pursat hem nazaryndan
sypdyrmaýar.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Mertlik barada kelam agyz» atly makala. «Esger» gazetiniň 2021-nji ýylyň 21-nji
oktýabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/43932
2. Toýly Jänädow. «Gözel halypanyň şygyrlaryny okap...» atly makala, «Zenan
kalby» žurnalynyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky 10-njy sanynyň 2-nji sahypasy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45096
3. Toýly Jänädow. «Mert ýigit mert ärden öner» atly makala. «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com resmi web saýtyna 2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda neşir edildi. https://www.atavatan-turkmenistan.com/mert-yigit-mert-arden-oner/
4. Toýly Jänädow. «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» atly makala. «Biznes reklama» gazetiniň br.com.tm resmi web saýtyna 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda neşir edildi. https://br.com.tm/?p=8743
5. Toýly Jänädow. «Magtymgulynyň «mertlik» pendi – türkmen ýigidiniň milli edep medeniýeti» atly makala.
https://ashgabat.in/2021/06/27/magtymgulynyn-mertlik-pendi-turkmen-yigidinin-milli-edep-medeniyeti/
6. Toýly Jänädow. «Mert ýigitden mert dogar» atly makala. https://ashgabat.in/2021/01/26/mert-yigitden-mert-dogar/
7. Toýly Jänädow. «Mert ýigitden mert dogar» atly makala. https://www.ussatnews.com/tm/posts/news/614/watan-ogly-mertden-geler
8. Toýly Jänädow. «Mertlik barada kelam agyz» atly makala. http://kitapcy.com/news/mert_yigitden_mert_dogar/2021-10-22-17826
[1] Gurbanguly
Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy, 2017.111-nji sahypa.
[2] Türkmen halk
nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005, 66-njy,
423-424-nji sahypalar.
[3] Gurbanguly
Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy, 2017. 109-njy sahypa.
[4]
http://kitapcy.com/news/mertlik_we_namartlyk/2019-02-10-5177
[5] Gorkuta ata: Gadymy türkmen eposy. – A: Türkmenistan,
1990. 25-nji sahypa
[6]Gurbanguly
Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy, 2017. 177-nji sahypa.
[7]Gurbanguly
Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy, 2017. 177-nji sahypa.
[8] Gadymy türkmen
sözlügi. (elektron kitap). 473-nji sahypa. Seret:
https://kitaphana.net/book/2311
[9] Meredow A. Ahally
S. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. – A: Türkmenistan, 1988, 222-nji
sahypa.
[10] A. Meredow. Magtymgulynyň düşündirişli
sözlügi. II böüm. Z – S, Gonbed Kabus, 1997. 514-nji sahypa
[11] Türkmen diliniň
sözlügi.Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty, 1962-nji ýyl.
841-nji sahypa.
[12] Türkmen diliniň sözlügi, II tomluk, II
tom. K-Z,– A: Ylym neşirýaty, 2010. 90-njy sahypa.
[13] Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. II tom.
K-Z, – Aşgabat: Ylym, 2016, 91-nji sahypa.
[14] Gurbanguly
Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy, 2017. 24-nji sahypa
[15] Köňül
gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar
ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar
instituty, 2014. 80-nji sahypa
[16] Magtymguly.
Eserler
ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar
instituty, 2012 372-nji sahypa
[17] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.:
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 297-nji sahypa
[18] Magtymguly. Eserler
ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar
instituty, 2012 220-nji sahypa
[19] Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna
bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli
golýazmalar instituty, 2014. 80-nji sahypa
[20] Magtymguly. Eserler
ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar
instituty, 2012. 180-nji sah.
[21] Magtymguly. Eserler
ýygyndysy I jilt. – A.:Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar
instituty, 2012. 276-njy sah.
[22]Gözel Şagulyýewa.
Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 95 –
96-njy sahypalar.
[23]Gözel Şagulyýewa.
Gezdim şygryň dünýäsinde. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2020. 148-nji sahypa
[24]Gözel Şagulyýewa.
Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 61-nji
sahypa
[25]Gözel Şagulyýewa.
Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 53-nji
sahypa
[26] Gözel Şagulyýewa.
Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 90-njy sahypa.
[27] Gözel Şagulyýewa.
Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013.
116-njy – 130-njy sahypalar.
[28]Gözel Şagulyýew. Ak
gülleriň – ak ýolum. – A.: Türkmen
döwlet neşirýät gullugy. 2010. 65 – 66-njy sahypalar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder