GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA

0

 


Golaýda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de edara-kärhanalary bilen bilelikde, Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli, Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Diýarbekir galasynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda etrabyň medeniýet-sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary bilen, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýladylar. Bu ýerde türkmen milli el işleriniň sergisi, gyzgalaňly sport ýaryşlary hem-de çagalar üçin türkmen milli oýunlary guraldy. Baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşanlara unudulmajak pursatlary sowgat etdi.

Ýakup ATABAÝEW

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

Yorum Gönder

0 Yorumlar

Yorum Gönder (0)

#buttons=(Çerezleri kabul et) #days=(20)

Sitemizde çerezler kullanılmaktadır. Kabul
Çerezleri kabul et