21 Mart 2024 Perşembe

Magtymguly Pyragy - Gerekdir

«Menem» diýen goç ýigide

Bir mynasyp ýar gerekdir.

Arap at, ýowly ýigide

Almaz zülpükar gerekdir.

* * *

Ýigit öler ýurt üstünde,

Janyn berip ar üstünde,

Goç ýigitler il üstünde

Namys bilen ar gerekdir.

* * *

Bäş gün köňül hoş etmäge,

Saçak ýazyp, nan dökmäge,

Abraý alyp, at etmäge,

Golda bendi-bar gerekdir.

* * *

Mekgä baran bolar hajy,

Aýralyk ölümden ajy.

Goç ýigide ar galyjy,

Aşyga didar gerekdir.

* * *

Artdyr pelek ahy-zaryn,

Alar elden ygtyýaryn.

Magtymguly, söwer ýaryn

Syýa zülpi tar gerekdir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder